Pakistan Russiýadan 300 Müň Tonna Bugdaý Alar

Russiýadan satyn alynjak bugdaý üçin Pakistan her tonna 373 dollar tölär.

1900453
Pakistan Russiýadan 300 Müň Tonna Bugdaý Alar

Pakistan, Russiýadan 300 müň tonna bugdaý satyn almak üçin taýarlyk görýär.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, Maliýe ministrligi, Russiýadan bugdaý alynmagyny tassyklady.

Meýilnama laýyklykda Pakistan, Russiýadan 300 müň tonna bugdaý alar.

Russiýadan satyn alynjak bugdaý üçin Pakistan her tonna 373 dollar tölär.

Bugdaýyň noýabr aýynyň 1-i bilen ýanwar aýynyň 15-ne çenli Pakistana getirilmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar: #tonna , #bugdaý , #Pakistan

Degişli Habarlar