ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 14 adam ýaralandy

ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde ýaragly hüjüm guraldy

1900417
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 14 adam ýaralandy

ABŞ-nyň Çikago şäherinde Hellouini belläp geçmek üçin bir ýere jemlenen adamlara şübhe astynda bolan ulaglaryň birinden od açylmagy netijesinde 14 adam ýaralandy.

ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde ýaragly hüjüm guraldy. 

Düýn agşam Hellouini belläp geçmek üçin bir ýere jemlenen adamlara şübhe astynda bolan ulaglaryň birinden od açyldy. 

Polisiýa gullugy tarapyndan hüjüm bilen bagly berilen beýanatda 2-si çaga jemi 14 adamyň ýaralanandygy habar berildi. 

Çikago şäheriniň Polisiýa depratamentiniň metbugat geňeşçisi Dewid Brown ýaralanan käbir adamlaryň saglyk ýagdaýynyň tankydydygyny we bejergileriniň dowam edýändigini aýan etdi. 

Dewid Brown geçirilen deslapky derňewde ulagyň içinde 2 adamyň bolandygyny pikir edýändiklerini mälim etdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Çikago , #ABŞ

Degişli Habarlar