Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Russiýanyň goranmak ministri sergeý Şoýgu 21-nji sentýabrda Ukrainadaky söweşde 5 müň 937 rus esgeriniň ýogalandygyny beýan edipdi

1899314
Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň Ukraina garşy söweş başladan 24-nji fewraldan bäri 70 müň esgerinden, soňky 1 günde bolsa 550 esgerinden mahrum bolandygyny öňe sürdi. 

Ukrainanyň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanatda, Russiýanyň goşunyna degişli 273 uçaryň, 252 dikuçaryň, 2 müň 659 taňkyň, 5 müň 401 sowutly ulagyň, 1708 topuň, 380 raketa atyjy ulgamyň we 195 howa goranyş ulgamynyň Ukraina tarapyndan ýok edilendigi habar berildi. 

Russiýanyň goşunyna degişli 4 müň 107 ulagyň, 16 gäminiň we ýokary tizlikli kateriň we 1406 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarylandygy bellenen beýanatda, Rus goşuny tarapyndan atylan 351 ganatly raketanyň hem Ukrainanyň howa goranyş ulagmlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Russiýanyň goranmak ministri sergeý Şoýgu 21-nji sentýabrda Ukrainadaky söweşde 5 müň 937 rus esgeriniň ýogalandygyny beýan edipdi. 



Degişli Habarlar