Demirgazyk Koreýa Iki Raketa Synagyny Geçirdi

Demirgazyk Koreýa, BMG-nyň kararlaryna garamazdan 2022-nji ýylyň başyndan bäri 28-njy gezek raketa synagyny geçirdi.

1898800
Demirgazyk Koreýa Iki Raketa Synagyny Geçirdi

Koreýa Resbublikasynyň Baş ştaby bilen Ýaponiýanyň hökümeti, Demirgazyk Koreýanyň iki ballistiki raketa synagyny geçirendigini habar berdi.

Koreýa Resbublikasynyň Baş ştabynyň berýän habaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň günorta gündogaryndaky Kangwon sebitinde Gündogar deňizine tarap gysga menzilli iki ballistiki raketa atyldy.

Beýannamada synaglaryň ýerli wagt bilen 11.59-da we 12-18-de geçirlendigi ýatladyldy.

Ýapon hökümeti bolsa raketalaryň, Ýapon özboluşly senagat zolagynyň daşyna düşendigini mälim etdi.

Raketa synaglarynyň, ABŞ bilen Koreýa Respubliklasynyň hepdäniň başynda geçirjek bilelikdäki harby howa türgenleşiginiň öňüsyrasynda geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.

Demirgazyk Koreýa, BMG-nyň kararlaryna garamazdan 2022-nji ýylyň başyndan bäri 28-njy gezek raketa synagyny geçirdi.



Degişli Habarlar