“Russiýa, Ukrainada Ýadro Ýaragyny Ulanan Halatynda Netijesi Agyr Bolar”

Jo Baýden Ak Tamda metbugata beýannama berdi.

1897741
“Russiýa, Ukrainada Ýadro Ýaragyny Ulanan Halatynda Netijesi Agyr Bolar”

ABŞ-nyň Prezident, Jo Baýden, Russiýa, Ukrainada ýadro ýaragyny ulanan halatynda netijesiniň agyr boljakdygyny duýdurdy.

Jo Baýden Ak Tamda metbugata beýannama berdi.

Žurnalistlerden biriniň “Russiýa, Ukrainanyň konwensional ýarag ulanjakdygyny öňe sürýär. Bu Russiýanyň ýalňyşdyryş operasiýa üçin taýarlyk bolup bilermi?” diýen soragyna jogap beren Baýden, “Russiýa, taktiki ýadro ýaragyny ulanan halatynda uly ýalňyşlyk eder. Bu ýalňyşdyryş operasiýasydyr diýip bilmerin. Emma Russiýanyň ýadro ýaragyny ulanmagynyň netijesi agyr bolar” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainanyň “konwensional ýaragyny” ulanmak üçin taýarlyk görýändigini öňe sürüpdi.

Russiýanyn Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem Ukrainada düzüminde radioaktiw maddasy bolan bomba öndürip biljek tehnalogiýa eýe bolan desgalaryň bardygyny aýdypdy.

 



Degişli Habarlar