Dmitriý Peskow TürkAkymy gaz geçiriji turba liniýasy barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow, TürkAkymy gaz geçiriji turba taslamasynda bar bolan häzirki göwrümiň artdyrylmagy üçin uly bir mümkinçiligiň bardygyny beýan etdi

1897572
Dmitriý Peskow TürkAkymy gaz geçiriji turba liniýasy barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde metbuat işgärlerine beren beýanatynda, Türkiýäniň Russiýanyň iň möhüm gaz importýorlarynyň biridigini belledi. 

Türkiye bilen Russiýanyň TürkAkym tebigy gaz geçiriji turba liniýasy bilen baglanandygyny aýdan Peskow: "TürkAkym gerek bolan halatynda göwrümini artdyrmak üçin möhüm bir mümkinçilige eýedir" diýip nygtady. 

Peskow Türkiyäniň Günbatar ýurtlaryndan tapawutly pozisiýa eýeleýändigini we araçylyk etmek mümkinçiligine eýedigini belläp: "Türkiye ýurdumyz bilen dowam edýän söwda we ykdysady gatnaşyklar taýdan milli bähbitlerini göz öňünde tutýar, Günbataryň sanksiýalaryna goşulmadylar. Ol bolsa hem türk halky hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar taýdan bähbitlidir" diýip aýtdy. 

Türkiye bilen Russiýanyň arasyndaky gaz eksporty bilen baglanşykly gepleşikleriň dowam edýändigini aýdan Peskow: "Köp formatly hyzmatdaşlyklary dowamly aragatnaşyk içindedikleri manysyny berýär, şol sebäpli Türkiye bilen gepleşiklerimizi dowam etdirýäris we ony etmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

Peskow Türkiýede bir tebigy gaz merkeziniň gurulmagy bilen bagly meseläniň hem aýdyň bolmaga başlandygyny belledi. 



Degişli Habarlar