“Ukrainanyň Garaşsyzlygyny Goradyk we Russiýa Muny Üýtgedip Bilmez”

Zelenskiý, şu gün Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweşde 8 aýyň dolandygyny ýatlatdy.

1897197
“Ukrainanyň Garaşsyzlygyny Goradyk we Russiýa Muny Üýtgedip Bilmez”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurduna guraýan hüjümleri barada “Ukrainanyň garaşsyzlygyny goradyk we Russiýa muny üýtgedip bilmez” diýdi.

Zelenskiý, Telegramdan beren habarnamasynda, şu gün Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweşde 8 aýyň dolandygyny ýatlatdy.

Russiýanyň ýurduna guraýan hüjümlerine garamazdan Ukrainanyň garaşsyzlygyny goraýandyklaryny, rus güýçleriniň basyp alan ýerlerini yzyna almaga dowam edýändiklerini nygtan “Döwletimiziň garaşsyzlygyny goradyk we Russiýa muny üýtgedip bilmez”diýdi.

Zelenskiý, Herson, Harkow, Donesk, Lugansk, Zaporožýe bilen Krymy we Ukrainanyň ähli sebitleriniň azatlygynyň üpjün edilmegi üçin tagalla edýändiklerini ýatlatdy.

Russiýa bilen Eýranyň şu günki günde Günbatarly ýurtlara garşy Ukrainany asylsyz käbir jenaýatlar bilen günäkärlemäge çalyşýandygyny emma netije alyp bilmejekdigini, aslynda dünýäniň indi Russiýa ynanmaýandygyny nygtan Zelenskiý “Russiýada şowsyzlyk duýgusy gün saýyn güýçlenýär” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar