Ukraina Russiýanyň harby dolanşyk düzgüni hakyndaky kararyna reaksiýa bildirdi

Ukrainanyň hökümeti Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň anneksiýa edilen Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitlerinde harby dolanşyk düzgüniniň girizilmegi baradaky kararyna reaksiýa bildirdi

1895275
Ukraina Russiýanyň harby dolanşyk düzgüni hakyndaky kararyna reaksiýa bildirdi

Ukrainanyň Prezident ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Putiniň ady agzalan kararynyň Ukrainada hiç bir zady üýtgetmejekdigini beýan etdi. 

Mihail Podolýak: "Russiýanyň basyp alan ýerlerinde harby dolanşyk düzgünini girizmek hakyndaky karary, diňe ukrainalylaryň emläkleriniň başga bir täzeden synplaşdyrmak ýoly bilen talanmagyny kanunylaşdyrmak hökmünde garalmalydyr. Bu Ukraina üçin hiç zady üýtgetmez. Territoriýamyzyň azat edilmegine we basyp alyşlykdan azat edilmegine dowam ederis" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň Howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň başlygy Oleksiý Danilow hem sosial media hasabyndan beren beýannamasynda, Putiniň kararynyň BMG tarapyndan ýazgarylmagynyň gerekdigini beýan etdi. 

Danilow: "Putiniň Ukrainanyň anneksiýa edilen sebitlerindäki harby dolanşyk düzgüniniň girizilmegi baradaky kanuny, basyp alyşlyk astyndaky sebitiň etniki gurluşyny üýtgetmek üçin ukrainaly ilatyň Russiýanyň beýleki sebitlerine köpçülikleýin häsýetde sürgün edilmegi üçin taýarlykdyr. Bu BMG tarapyndan ýazgarylmaly bir jenaýatdyr. Bu jenaýat Russiýa tarapyndan Krymda edildi we jezasyz galdy" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, anneksiýa edilen Ukrainanyň Donetsk, Lugansk, Herson we Zaparožýe sebitlerinde harby dolanşyk düzgüniniň girizilmegi baradaky kararnama düýn gol çekipdi. 



Degişli Habarlar