Eýran ÝB-niň sanksiýalaryna garşylyk görkeziljekdigini aýan etdi

Beýanatda ÝB-niň sanksiýa kararyna jogap hökmünde, ýakyn wagtda ýewropaly käbir şahyslara we edaralara garşy sanksiýa giriziljekdigi aýan edildi

1894233
Eýran ÝB-niň sanksiýalaryna garşylyk görkeziljekdigini aýan etdi

Eýran Ýewropa Bileleşiginiň Mahsa Emininiň göz tussaglygynda bolan mahaly ýogalmagy we ondan soň başlan protestler sebäpli resmilere garşy kabul edilen sanksiýa kararyny ýurduň içerki işlerine goşulmak hökmünde häsýetlendirip, oňa jogap hökmünde käbir ýewropaly şahyslara we edaralara sanksiýa giriziljekdigini habar berdi.  

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ÝB Geňeşiniň Eýranyň käbir resmilerine garşy sanksiýa kararyny halkara hukugyň açyk ýagdaýdaky düzgün bozmasy we Eýranyň içerki işlerine goşulmak hökmünde häsýetlendirilip, ýazgaryldy. 

Sanksiýa kararynyň esassyz we galp öňe sürmelere esaslanýandygy bellenen beýanatda, kararyň mundan başgada syýasy maksatlara ýetmek üçin enjam hökmünde adam hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanylýandygynyň bir görkezijisi hökmünde häsýetlendirildi. 

Beýanatda ÝB-niň sanksiýa kararyna jogap hökmünde, ýakyn wagtda ýewropaly käbir şahyslara we edaralara garşy sanksiýa giriziljekdigi aýan edildi. 

Ýewropa Geňeşi geçen aý başatgyç düzgünlerini berjaý etmedigi öňe sürülip göz tussaglygyna alynan 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň ýogalmagyndan soň, ýurt derejesinde ýaýbaňlanan protestlerde aşa güýç ulanan käbir howpsuzlyk güýçleriniň resmileri bilen Aragatnaşyk we Maglumat tehnologiýalar ministri Isa Zarepura garşy sanksiýa girizendigini mälim edipdi. 



Degişli Habarlar