Eýranda tussaghanada bolan ýangynda 8 adam ýogaldy

Eýranyň paýtagty Tähran şäherindäki Ewin atly tussaghanada birnäçe gün ozal bolan ýangynda ýaralanan ýene-de 4 tussaglynyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany 8 adama ýetdi

1893797
Eýranda tussaghanada bolan ýangynda 8 adam ýogaldy

Eýranyň Kazyýet organynyň maglumatlar ofisinden syýasy tussaglylaryň saklanýan Ewin tussaghanasynda 15-nji oktýabrda şenbe güni başdan geçirilen wakalar bilen bagly ýazmaça beýannama berildi. 

Beýanatda: "Syýasy jenaýatçylaryň saklanýan bölüminde başdan geçirilen wakada ýaralanan 10 tussaglynyň ýene-de 4-si ýogaldy. Ýaralanan 6 tussaglynyň bejergisi bolsa entek dowam edýär. Tussaghanada bolan wakalarda ýogalanlaryň sany şeýlelik bilen 8 adama ýetdi" diýip habar berildi. 

Eýranyň Kazyýet organynyň maglumatlar ofisinden düýn berilen beýanatda bolsa, syýasy jenaýatçylaryň saklanýan bölüminde tussaglylaryň arasynda başdan geçirilen gowgada, tussaghananyň Tikin bölüminde ýüze çykan ýangynyň netijesinde 4 tussaglynyň tüsseden zäherlenip ýogalandygy, 4-siniň saglyk ýagdaýy agyr 10 tussaglynyň bolsa ýaralanandygy mälim edilipdi. 

Sosial mediada paýlaşylan materiallarda Ewin atly tussaghanada ýangynyň ýüze çykandygyny, ýarag we partlama sesleriniň eşidilendigini görüp bolýardy. 



Degişli Habarlar