“Duşman Şäherlerimize Hüjüm Edip Biler Emma Bizi Bölüp Bilmez”

Zelenskiý, Kiýewde bir binanyň nyşana alynandygyny tassyklady.

1893832
“Duşman Şäherlerimize Hüjüm Edip Biler Emma Bizi Bölüp Bilmez”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, paýtagt Kiýewe guralan hüjümler hakynda beren beýannamasynda “Uçarmansyz howa ulaglary we raketalar Ukraina hüjüm edýär. Duşman şäherlerimize hüjüm edip biler emma bizi bölüp bilmez” diýdi.

Zelenskiý beýannamasynda, Kiýewde bir binanyň nyşana alynandygyny tassyklady.

Ady agzalýan binada 2 adamyň harabalygyň aşagynda galandygy nygtalypdy.

Rus güýçleri 10-njy oktýabrda hem Kiýewe birnäçe hüjüm gurapdy.

 



Degişli Habarlar