Russiýa Türkiýede Tebigy Gaz Desgasyny Gurar

Putin, Ýewropadaky tebigy gaz krizisiniň Türkiýe arkaly çözülip bilinjekdigine ünsi çekdi.

1891963
Russiýa Türkiýede Tebigy Gaz Desgasyny Gurar

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ýewropanyň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi üçin Türkiýede uly tebigy gaz desgasyny gurup biljekdigini aýtdy.

Wladimir Putin, paýtagt Moskwada Russiýanyň Energetika hepdeligi atly konferensiýada eden çykyşynda, Ýewropadaky tebigy gaz krizisiniň Türkiýe arkaly çözülip bilinjekdigine ünsi çekdi.

Putin, Türkiýede Ýewropa üçin uly tebigy gaz desgasyny gurup biljekdiklerini belledi.

Rus lideri mundan başgada Demirgazyk Aktym nebit turba geçirijilerinde geçen hepdelerdäki sabbotažlary “halkara terrorizim” hökmünde häsiýetlendirdi.

Putin “Demirgazyk Akym sabbotažlaryndan soň, Russiýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary bozmak isleýänler bar” diýdi.

 


Etiketkalar: #desga , #tebigy gaz , #Russiýa

Degişli Habarlar