“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Ýurtlaryndan Gelen 3,8 Million Bosguny Kabul Etdi”

Angela Merkel, Türkiýäniň bosgun krizisinde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy.

1891054
“Türkiýe, Ýakyn Gündogar Ýurtlaryndan Gelen 3,8 Million Bosguny Kabul Etdi”

Germaniýanyň ozalky Federal Kansleri Angela Merkel, Türkiýäniň bosgun krizisinde uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýtdy.

Angela Merkel, 2015-2016-njy ýyllarda bosgun krizisiniň başdan geçirlen döwründe basyş we zulum astyndaky 1,2 milliondan gowrak bosguny ýurduna kabul ededigi üçin “Nansen Bosgun” baýragyna laýyk görüldi.

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirlen baýrak gowşurlyş dabarasynda çykyş eden Merkel haýyr sahawady söýüjilere we jemgyýetçilik guramalaryna sagbolsun aýtdy.

Ýurtlaryndan daş ýere gitmek islemeýän bosgunlara Türkiýäniň ýer eýeçiligini edýändigini aýdan Merkel “Türkiýe, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan gelen 3,8 million bosguny kabul etdi” diýdi.

Türkiýäniň bosgun krizisinde Germaniýa bilen deňeşdirilende has uly jogapkärçiligi öz üstüne alandygyny aýdan Merkeli bosgunlaryň  howpsyz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmagy meselesiniň çözülmelidigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar