Peskow: Zelenskiýniň Beýanaty Dünýä Söweşini Başlatlama Çagyşy

Dmitriý Peskow Russiýanyň “RIA Nowosti” habarlar gullugyna beýanat berdi.

1889704
Peskow: Zelenskiýniň Beýanaty Dünýä Söweşini Başlatlama Çagyşy

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Dmitriý Peskow Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň “NATO-nyň Russiýa garşy öňüni alyjy hüjüm guramalydygy” hakyndaky beýanatlaryny “dünýä söweşini başlatma çagyryşy” hökmünde häsýetlendirdi.

Dmitriý Peskow Russiýanyň “RIA Nowosti” habarlar gullugyna beren beýanatynda; “Şeýle beýanatlar görünmeýän elhenç netijeleri bolan täe bir dünýa söweşini başlatma çagyryşyndan başga zat däl” diýdi.

Peskow ABŞ-nyň, Britaniýanyň we ÝB-niň bu beýanatlara üns bermelidigini nygtap; “Bu ýurtlar Ukrainany gönüden ugrukdyrýar we soňuna çenli gorajakdyklaryny beýan edýärler. Şol sebäpli Zelenskiý we hökümet işlerinden hem-de beýanatlaryndan jogapkär bolmaly” diýdi.  

Wladimir Zelenskiý “NATO-nyň Russiýa ýadro ýaragyny ulanma ähtimallygyny ortadan aýyrmak üçin Russiýa öňüni alyjy hüjümler guramalydygyny” beýan edipdi.



Degişli Habarlar