“Ukrainadan Ugran 203 Gämiden Diňe 4-i Ýoksul Ýurtlara Gitdi”

Wladimir Putin, ýurdunyň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

1885294
“Ukrainadan Ugran 203 Gämiden Diňe 4-i Ýoksul Ýurtlara Gitdi”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ukrain gallasynyň ýoksul ýurtlara däl eýsem ÝB-ne agza ýurtlara gidendigini, Günbataryň halkara azyk krizisi çuňlaşdyrýandygyny aýtdy.

Wladimir Putin, ýurdunyň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Russiýanyň şu ýylky galla hasylynyň 138 million tonna ýetendigini ýatladan Putin, “Galla hasylynyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 150 million tonna ýetmegine garaşylýar. 150 million tonna galla Russiýanyň taryhynda rekord dereje bolar. Ekspordy artdyrmak bilen goşmaça girdeji gazanarys” diýdi.

Rus gallasynyň we döküniniň eksport edilmeginiň öňünde uly bökdençligiň bardygyna ünsi çeken Putin, “Russiýa goýlan sanksiýalar, birnäçe ýyldan bäri dowam edýän halkara azyk krizisiniň çuňlaşmagyna sebäp bolýar. Käbir ýurtlaryň maliýe we azyk syýasatlary sebäpli häzirki ýagdaýy başdan geçirýäris we bu ýagdaýyň jogapkäri Günbatarly ýurtlar” diýdi.

Ukrain gallasynyň ýoksul ýurtlara gitmändigini nygtan Putin “23-nji sentaýbra çenli Ukrainanyň portlaryndan ugran 203 gämiden diňe 4-i ýoksul ýurtlara gitdi” diýdi.

Putin, Günbataryň halkara azyk krizisi çuňlaşdyrýandygyna ünsi çekdi.

 

 



Degişli Habarlar