Putin, Edward Snoudene Rus Raýatlygyny Berdi
Snouden 2013-nji ýylda paş eden maglumatlary bilen ABŞ-nyň iňlis howpsyzlyk güýçleri bilen dünýäde ähli möhüm gepleşikleri diňländigini ýüze çykarypdy
![Putin, Edward Snoudene Rus Raýatlygyny Berdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/bosna/haberler/detay/snowden-objavio-dokumente-o-napadu-obavjetajn_trt-bosanski-47043.jpg?time=1722042967)
Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk gullugy NSA-nyň ozalky işgäri Edward Snoudene rus raýatlygyny berdi.
2013-nji ýylda paş eden maglumatlary bilen ABŞ-nyň iňlis howpsyzlyk güýçleri bilen dünýäde ähli möhüm gepleşikleri diňländigini ýüze çykaran Snouden, şol ýyldan bäri ýaşaýyş ygtyýarnamasy bilen Russiýada ýaşaýardy.
Snouden paş eden maglumaty bilen daşary ýurtlaryň hökümet binalaryny gizlinlikde dinländigini we ýörite bellige alandygyny görkezipdi.
Sputnige beýannama beren Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, talabyna laýyklykda Snoudene rus raýatlygynyň berlendigini mälim etdi.
Peskow, Putiniň Edward Snouden bilen duşuşmak niýetiniň ýokdygyny ýatlatdy.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722042968)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy