Günorta Koreýada söwda merkezleriniň birinde ýangyn ýüze çykdy

Günorta Koreýanyň Tedžon şäherindäki söwda merkezleriniň birinde ýüze çykan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 7 adam ýogaldy

1884662
Günorta Koreýada söwda merkezleriniň birinde ýangyn ýüze çykdy

Ýuseong Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Lee-Seung-Han, ýangynda 6-sy söwda merkeziniň işgäri bolan jemi 7 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Lee ýogalan ýene-de 1 adamyň bolsa şahsyýetiniň anyklanylmagyna synanyşylýandygyny mälim etdi. 

Tedžon şäheriniň Ýangyn söndüriji gullugynyň resmisi Go Seung-Çeol şäherdäki söwda merkezleriniň biriniň ýerzemin gatynda ýerli wagt bilsan sagat 07:45-de ýangynyň ýüze çykandygyny belläp, ýangynyň ýüze çykan ýeriniň golaýynda bolan karton gutular sebäpli ýangynyň gysga wagtda başga ýerlere ýaýrandygyny aýan etdi. 

Ýangyn södürijileriň wakanyň bolan ýerine gönükdirilendigini aýdan Go, söwda merkezindäki we golaýdaky binalarda bolan azyndan 100 adamyň howpsuz ýere geçirilendigini beýan etdi. 

Go ýangynyň 500-den gowrak ýangyn söndürijiniň iş alyp barmaklary netijesinde ýerli wagt bilen sagat 15:00-da söndürilendigini aýan etdi. 

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýdan Go, ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy bilen bagly bolsa derňew işiniň başladylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar