Putin Ukrainada ele salynan Günbataryň ýaraglaryna laýyklykda rus ýaraglaryň özgerdilmegini isledi

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, Russiýanyň goşunyna garşy ulanmak maksady bilen Günbataryň Ukraina ugradan ýaraglarynyň gözden geçirilip tiz we netijeli ýagdaýda rus ýaraglarynyň özgerdilmegini isledi

1882640
Putin Ukrainada ele salynan Günbataryň ýaraglaryna laýyklykda rus ýaraglaryň özgerdilmegini isledi

Wladimir Putin Russiýanyň Goranyş senagaty pudagynyň ýolbaşçylary bilen Kreml köşgünde geçiren duşuşygynda, ýurduň sezewar bolan ýagdaýy, kynçylyk we howplar göz öňünde tutulanda goranyş senagaty pudagynyň giň gerimli işler alyp barýandygyny beýan etdi. 

Ukrainadaky rus harby birikmeleriniň ýarag, esbap we ok-däri üpjünçiligini ele aljakdyklaryny aýdan Putin, Ukrainada geçirilýän ýörite harby operasiýada rus ýaraglarynyň ýokary netijeliligini görkezendigini belledi. 

Wladimir Putin: "Kiýewdäki režimi goldamak üçin NATO-nyň ähli ok-däri ätiýaçlary diýen ýaly ugradylýar. Bu bolsa bize garşy ulanylýan we ol ýerde bolan ýaraglary gözden geçirmegimiz, mümkinçiliklerimizi hil taýdan artdyrmagymyz we gazanan tejribämize esaslanyp, enjamlarymyzy, ýaraglarymyzy özgertmegimiz gerekdigi manysyna gelýär. Bu tapgyr adatydyr we elbetde ulanylmalydyr. Bu mümkin bolan iň gysga we netijeli ýagdaýda amala aşyrylmalydyr" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar