Beýik Britaniýanyň Goranmak ministri Russiýanyň mobilizlenme kararynyň üstünde durup geçdi

Beýik Britaniýanyň Goranmak ministr Ben Uolles Russiýanyň mobilizlenme kararynyň üstünde durup geçdi

1882750
Beýik Britaniýanyň Goranmak ministri Russiýanyň mobilizlenme kararynyň üstünde durup geçdi

Beýik Britaniýanyň Goranmak ministr Ben Uolles, Russiýanyň Ukrainanyň käbir sebitlerini bikanun ýagdaýda anneksiýa etmeginiň Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň meýilnamasynyň şowsuzlyga duçar bolýandygy baradaky boýun almasy manysyny berýändigini habar berdi. 

Beýik Britaniýanyň Goranmak ministr Ben Uolles, Putiniň bölekleýin mobilizlenme yglan etmek baradaky halka ýüzlenip eden çykyşyndan soň beren beýanatynda: "Putiniň ilatynyň bir bölegini goşmazlyk barada beren wadasynda durmazlygy we Ukrainanyň käbir sebitlerini bikanun ýagdaýda anneksiýa etmegi, meýilnamasynyň şowsuzlyga duçar bolýandygy baradaky boýun almasydyr" diýip belledi. 

Putiniň we Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň on müňlerçe raýatyny zerur enjamlar bolmadan ölüme ugradýandygyny aýdan Ben Uolles: "Hiç bir howp ýa-da propoganda Ukrainanyň bu söweşde ýeňýändigi, halkara jemgyýetiň jebisleşýändigi we Russiýanyň global derejede uzaklaşdyrylandygy hakykaty gizläp bilmez" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar