Eýran ABŞ-nyň Tekliplerini Seljerýär

Eýranyň Daşary işler ministri ýadro ylalaşygynyň gaýtadan dikeldilmegi boýunça ABŞ-nyň hödürlän tekliplerini seljermäge dowam edýändiklerini aýtdy.

1874437
Eýran ABŞ-nyň Tekliplerini Seljerýär

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Emir Abullahiýan ýadro ylalaşygynyň gaýtadan dikeldilmegi boýunça ABŞ-nyň hödürlän tekliplerini seljermäge dowam edýändiklerini aýtdy.

Abdullahiýan: “Kepillikler meselesinde has güýçli tekst gerek. ABŞ hakykata laýyk çemeleşip, bar bolan tekstiň üstüni ýetirse, ylalaşyk daşda däl” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen paýtagt Moskwada duşuşdy.

Ministrler duşuşykdan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Eýran bilen ýadro ylalaşyklaryň utgaşdyrylygyny alyp barýan ÝB tarapyndan hödürlenen we ýadro gepleşiklerde soňky meýilnama hökmünde kabul edilen ylalaşygyň taslamasyna 24-nji awgustda ABŞ-dan gelip gowşan jogaba ünsi çeken Abdullahiýan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Sanksiýalaryň bes edilmegi boýunça ABŞ-dan ugradylan soňky teksti aldyk. Kärdeşlerim Amerikan tarapynyň tekliplerini seljerýär. Sanksiýalaryň bes edilmegi we ABŞ-nyň ylalaşykdan ýene-de çekilmejekdigi boýunça kepillikler hakynda güýçli tekst gerek we biz kepillikleriň hasam güýçli bolmagyny isleýäris. ABŞ hakykata laýyk çemeleşip, bar bolan tekstiň üstüni ýetirse, ylalaşyk daşda däl” diýdi.

Eýranyň ABŞ-nyň jogabyny seljermeginden soň garaýyşlaryny gepleşikleriň utgaşdyryjysy ÝB-ne ugratjakdygyny aýdan ministr Abdullahiýan; “Wenada birnäçe aýlap gepleşikler geçirildi. Maksadymyz gowy, güýçli we durnukly ylalaşyk gazanmak. Amerikan tarapynyň hakykatçyllygy bilen ylalaşyk gazanmak isleýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar