“Türkiýe Bilen Pakistan Musulmanlaryň Sesi”

Pakistanyň Prezidenti Alwi, Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 14 asyr ozal başlandygyny nygtady.

1874151
“Türkiýe Bilen Pakistan Musulmanlaryň Sesi”

Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 14 asyr ozal başlandygyny nygtady.

Pakistanyň Prezidenti Alwi, Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýannama berdi.

Prezident R. T. Erdoganyň ýurduna sapar guramagyndan hoşal boljakdyklaryny nygtan Arif Alwi, “Bu sapar özara gatnaşyklarymyzyň ýeten sepgidi we halklarymyz üçin diýseň möhüm” diýdi.

Türkiýäniň Siriýadan gelen 3,5 milliondan gowrak bosguny we ýurdunyň hem millionlarça owgan bosguny kabul edendigini nygtan Alwi, Günbatarly ýurtlaryň bu meselede iki ýüzli çemeleşýändigini nygtady.

Alwi, Türkiýäniň we ýurdunyň musulmanlaryň sesidigini belledi.

Pakistanyň Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegini isleýändigini aýdan Alwi, “Owganystanyň parahatçylygy meselesi biziň ýurdumyzyň ykdysadyýeti bilen hem arabaglanşykly. Owganystanda parahatçylyk üpjün edilen halatynda Pakistan şol ýurduň ýaňadandan dikeldilmegi üçin uly jogapkärçiligi öz üstüne alar” diýdi.

Hindistan bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Pakistanyň Prezidenti Alwi, Pakistanyň, Hindistanyň parahatçylygyna uly ähmiýet berýändigini belledi.

Ýurdunda başdan geçirlen we müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan sil apaty hakynda maglumat beren Alwi “Halkara guramalar infstrukturanyň ýaňadandan dikeldilmegi we sil sebäpli ziýan çeken müňlerçe adam kömek berilmegi üçin Pakistan bilen hyzmatdaşlyk etmeli” diýdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar