BAE Bilen Gresiýa Energetika Pudagynda Hyzmatdaşlygy Ösdürer

Mikotakis Afynyda Nahýan bilen duşuşdy.

1872717
BAE Bilen Gresiýa Energetika Pudagynda Hyzmatdaşlygy Ösdürer

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakisiň energetika pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri boýunça pikir alyşandygy habar berildi.

Gresiýanyň hökümetiniň beýan etmegine görä liderler paýtagt Afynydaky Maksimu köşgünde duşuşyp, özara we toparara gepleşikler geçirdi.

Mikotakis duşuşykda suwklandyrylan gazyň import edilmegi, ammarlanmagy we gaýtadan gazlaşdyrylmagy üçin Gresiýada gurlan infrastruktura hakynda Al Nahaýana maglumat berip, şol mümkinçilikleriň ýurduny Ýeworpa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda möhüm energiýa köprüsine öwürip bilcekdigine ünsi çekdi.

BAE-niň her ýylyň sentýabr aýynda guralýan däbe öwrülen Salanoniki halkara sergisiniň şu ýylky hormatly myhmanydygyny ýatladan Mikotakis, BAE-niň ýurdy üçin möhüm strategik hyzmatdaş we aýlag sebitindäki global güýçlerden biridigini nygtady.



Degişli Habarlar