Putin Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1871813
Putin Paşinýan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanyndan berilen beýannama görä Ermenistanyň başlangyjy boýunça Putin bilen Paşinýanyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde Garabagyň etraplaryndaky ýagdaý hakynda pikir alyşyldy.

Beýannamada nygtalşyna görä Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleriniň arasynda 2020-nji ýylyň noýabrynda, 2021-nji ýylyň ýanwarynda we 2021-nji ýylyň noýabrynda gol çekişilen ylalaşyklaryň durnukly iş ýüzüne geçirilmeginiň möhümdigi nygtalyp, sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagynda rus parahatçylyk güýjüniň möhüm pozisiýa eýeleýändigine üns çekildi.

Telefon söhbetdeşliginde Russiýa bilen Ermenistanyň arasyndaky strategik ýaranlyk we harby hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hasam ösdürilmegi boýunça käbir aktual meseleleriň ara alynyp maslahatlaşylandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar