Russiýa: "Duginanyň ölüminiň arkasynda Ukraina bar" diýdi

Russiýanyň Derňew komitedi, jenaýadyň ozaldan meýilleşdirilendigini we sargyt boýunça guralandygyny aýan edipdi

1870991
Russiýa: "Duginanyň ölüminiň arkasynda Ukraina bar" diýdi

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy, Russiýanyň tanymal syýasy hünärmeni Aleksandr Duginiň gyzy Darýa Duginanyň ýurduň paýtagty Moskwada bombaly hüjümiň netijesinde öldürilmeginiň arkasynda, Ukrainanyň ýörite gullugynyň bardygynyň anyklanandygyny beýan etdi. 

Geçen hepdäniň şenbe gününiň agşamy, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine ýakynlygy bilen tanalýan Aleksandr Duginiň 30 ýaşyndaky gyzy Darýa Dugina, ulagyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde ýogalypdy. 

Russiýanyň mediasynda berilen habarlara görä, esasy nyşana Aleksandr Dugindi. 

Russiýanyň Derňew komitedi, jenaýadyň ozaldan meýilleşdirilendigini we sargyt boýunça guralandygyny aýan edipdi. 

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy, bombaly hüjümiň arkasynda Ukrainanyň ýörite gullugynyň bardygyny habar berdi. 

Darýa Duginanyň öldürilmegini meýilleşdiren, şol sebäpli Moskwa baran we hüjümden soň Estoniýa gaçan, ukrainaly zenanyň gurandygy baradaky maglumat Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugy tarapyndan paýlaşylypdy. 



Degişli Habarlar