Latwiýa Türkiýäniň Dron Pudagyna Uly Gyzyklanma Bildirýär

Latwiýanyň Daşary işler ministri Edgars Rinkewiçs ýurdunyň Türkiýäniň “dron” pudagy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny beýan etdi.

1869087
Latwiýa Türkiýäniň Dron Pudagyna Uly Gyzyklanma Bildirýär

Edgars Rinkewiçs türk metbugatynyň wekillerine beýannama berdi.

Ýurdunyň türk goranyş senagaty bilen hyzmatdaşlyga ýakyn gyzyklanma bildirýändigini nygtan Rinkewiçs; “Goranmak ministrligimiz hem käbir üpjünçilik pursatlaryny öwrenýär” diýdi.

Rinkewiçs Latwiýanyň Goranmak ministri Artis Pabrikisiň “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny synagdan geçirmek üçin gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkiýäniň dron pudagy bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Rinkewiçs; “Kärdeşlerimiziň Türkiýede öndürilen tapawutly harby enjamlary öwrenýändigini bilýärin” diýdi.



Degişli Habarlar