Hytaýda sürüjisiz awtobuslaryň synagyna başlandy

Hytaýyň Guangdong welaýatynyň merkezi Guankou şäherinde, sürüjisiz awtobuslaryň synagyna başlandy

1868967
Hytaýda sürüjisiz awtobuslaryň synagyna başlandy

WeRide we Ýutong Grup tarapyndan özgerdilen akylly şäher aragatnaşyk enjamlarynyň synagyna başlandy. 

Ýurduň raýatlary synag geçirilýän ýollarda, synaga gatnaşmak maksady bilen ykjam telefonlarynyň üsti bilen ýüz tutup, synaga gatnaşyp bilýärler. 

Sürüjisiz awtobus, döwrebap datçikleriň saýasynda ýol zolaklaryny üýtgedip bilýär. 

Merkezi Guankou şäherinde ýerleşýän WeRide kärhanasy, sürüjisiz ulag tehnologiýasyny şäheriň içindäki köpçülikleýin ulag serişdeleri, ýük daşamak we arassaçylyk hyzmatlary üçin ulanmagy meýilleşdirýär. 

Kärhananyň sürüjisiz arassaçylyk ulagy "Robosweeper" bolsa şäheriň Nanşa etrabynda maý aýyndan bäri synaglaryny dowam etdirýär. 



Degişli Habarlar