Eýrandaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 96 adama ýetdi

Eýranyň Kazyýet-lukmançylyk edarasynyň başlygy Abbas Mesjidi Aran, ISNA habarlar agentligine beýannama berdi

1869078
Eýrandaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 96 adama ýetdi

Eýranda iýul aýynyň ahyrynda başlap, awgust aýyna çenli dowam eden we ýurduň Tähran welaýaty başda bolmak bilen ülkäniň uly bölegine öz täsiri astyna alan, aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 96 adama ýetdi. 

Eýranly Talyplar habarlar agentligi (ISNA) tarapyndan berilen beýanata görä, Eýranyň Kazyýet-lukmançylyk edarasynyň başlygy Abbas Mesjidi Arani, ýurtda başdan geçirilen sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 96 adama ýetendigini habar berdi. 

Abbas Mesjidi Arani, ynsanperwer krizise öwrülen tebigy apatda iň uly ýitginiň 42 adamlyk pida bilen Tähran welaýatynda başdan geçirilendigini aýan etdi. 

Eýranda 22-nji iýulda Pars welaýatynda başlan aşa ýagan ýagyşlar, birnäçe wagt soň bolsa ýurduň uly bölegini öz täsiri astyna alypdy. Aşa ýagan ýagyşlar awgust aýynyň ilkinji günlerine çenli dowam edipdi. 


Etiketkalar: #Tähran , #ýagyş , #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar