Müsürde buthananyň ýanmagy netijesinde köp sanda adam ýogaldy

Müsüriň Giza şäherindäki buthanalaryň biriniň ýanmagy netijesinde azyndan 35 adamyň ýogalandygy habar berildi

1867596
Müsürde buthananyň ýanmagy netijesinde köp sanda adam ýogaldy

Howpsuzlyk resmileri, Giza şäherindäki Abu Sifin buthanasynda ýangynyň bolandygyny, wakada ilkinji kesgitlemelere görä 35 adamyň ýogalandygyny we 45 adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler. 

Ýangynyň dini çäräniň geçirilýän mahaly, generatoryň partlamagy netijesinde ýüze çykandygy we ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi aýan edildi. 

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, içinde çagalar bagy bolan buthanada ýogalanlaryň aglabasynyň çagalardan ybaratdygy habar berildi. 

Wakanyň bolan ýerine ýangyn söndürijiler we tiz kömek gullugy gönükdirildi. 



Degişli Habarlar