Kowid-19 Eýranda Agyr Ýitgilere Sebäp Bolýar

Täze görnüş koronawirus pandemiýasyna garşy göreşýän Eýranda bir günde 90 adamyň ýogalandygy beýan edildi.

1866401
Kowid-19 Eýranda Agyr Ýitgilere Sebäp Bolýar

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýannamada pandemiýa boýunça görkezijiler çap edildi.

Düýn 90 ýene-de adamyň ýogalmagy bilen adam pidasynyň 145,654-e ýetendigi, 5,635 adama wirusyň ýokaşandygy we şolardan 1078 sanysynyň bejergi alýandygy habar berildi.

Jemi wirusa ýoluganlaryň sanynyň bolsa 7,451,779 adama ýetendigi mälim edildi.

Eýranda günsaýyn ýaýraýan Kowid-19 sebäpli öňňin 49 adamyň ýogalandygy, 2,343 adamyň bolsa wirusa ýolugandygy habar berilipdi.

Şeýlelikde wirus sebäpli çekilýän adam pidasy iki esse artdy.



Degişli Habarlar