Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň 5-nji awgustdan bäri gabaw astyndaky Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 32 adama ýetdi

1864676
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň Gaza garşy guramaga dowam edýän hüjümlerinde ýogalan we ýaralanan adamlar barada maglumat berdi. 

Beýanatda 5-nji awgustdan bäri dowam edýän hüjümlerde 6-sy çaga, 4-si zenan bolmak bilen jemi 32 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Ýaralananlaryň sanynyň 253-e ýetendigi bellenen beýanatda, ýaralanan adamlaryň saglyk ýagdaýy barada bolsa jikme-jik maglumat berilmedi. 

Saglygy goraýyş ministrliginiň Gazadaky metbugat geňeşçisi Eşref al-Kudra metbugata beren beýanatynda, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň howp astyndadygyna, derman we lukmançylyk enjamlarynda kynçylyklaryň çekilýändigine ünsler çekip, Ysraýylyň bilkastlaýyn ýagdaýda asuda ilaty nyşana alýandygyny belledi. 

Yslamy Jihad hereketiniň harby ganady Iýerusalim brigadasy, Ysraýylyň düýn gije Refah sebitine guran hüjüminde Yslamy Jihadyň ýolbaşçysy Halid Mansuryň ýogalandygyny habar berdi. 

Palestinanyň WAFA habarlar agentligi hem Ysraýylyň Gazanyň Jebaliýe çadyr düşelgesindäki bir binany nyşana alyp, hüjüm guramagy netijesinde 5-si çaga 6 palestinalynyň ýogalandygyny mälim etdi. 

Ysraýylyň Döwlet ýaýlym organy KAN tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda bolsa, Ysraýylyň ol wakada jogapkärçiliginiň bolmandygy öňe sürüldi. 

Beýanatda Yslamy Jihad tarapyndan atylan raketalaryň biriniň Jebaliýe çadyr düşelgesine degmegi netijesinde asuda ilatyň ýogalandygy öňe sürüldi. 

Ysraýylyň goşunynyň Yslamy Jihada degişli nokatlary nyşana aljakdygy bahanasy bilen 5-nji awgustda gabaw astyndaky Gaza garşy başladan hüjümleri şu gün hem dowam edýär. 

Beýleki tarapdan Palestinanyň talabyna laýyklykda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Ysraýylyň Gaza garşy başladan hüjümlerini maslahatlaşmak maksady bilen ertir ýygnak geçiriler. 

Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe hem, fanatik jöhitleriň Aksa Metjidine garşy basyş meýilnamalarynyň öňüni almak üçin sebitleýin we halkara derejede başlangyçlar edýändiklerini aýan etdi. 

Heniýýe Katar we Müsür bilen birlikde BMG bilen hem aragatnaşykdadyklaryny habar berdi. 

Yslamy JIhad hereketiniň harby ganady Iýerusalim seriýýe topary hem, Gazanyň golaýyndaky Ysraýyla degişli şäherler bolan Aşkelon, Tel-Awiw, Sderot we Aşdoda raketalar bilen hüjüm gurandyklaryny mälim etdi. 


Etiketkalar: #asuda ilat , #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar