Ukrainada daşary ýurtly esgerler bilen bagly täze karar güýje girdi

Ukrainada daşary ýurtly esgerleriň ylalaşyk möhletleriniň 10 ýyla çenli uzadylyp bilinmegini göz öňünde tutýan karar güýje girdi

1862743
Ukrainada daşary ýurtly esgerler bilen bagly täze karar güýje girdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý "Daşary ýurtlylaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň düzümindäki harby gulluklary bilen baglanşykly görkezmä üýtgeşme girizilmegi baradaky" karara gol çekdi. 

Döwlet baştutanlygynyň internet saýtynda çap edilen karara görä, mundan soň Ukrainanyň goşunynyň düzüminde bolan daşary ýurtly esgerler ylalaşyk möhletlerini 10 ýyla çenli uzadyp bilerler. 

Şol möhlet ozal bolsa 5 ýyla çenli uzadylyp bilinýärdi. 

24-nji fewralda Russiýa-Ukraina söweşi başlan mahaly, resmi Kiýewiň çagyryşyna laýyklykda aglabasy Günbatar ýurtlaryndan bolmak bilen, müňlerçe daşary ýurtly söweşiji Russiýa garşy söweşmek maksady bilen Ukraina barypdy. 


Etiketkalar: #ylalaşyk , #esger , #Ukraina

Degişli Habarlar