“Ukraina Galla Eksportuna Taýar”

“Ukraina, eksport üçin Türkiýeden we BMG-dan habara garaşýar” d

1861232
“Ukraina Galla Eksportuna Taýar”
cernomorsk limani zelenskiy.jpg
cernomorsk limani zelenskiy.jpg

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, galla eksportuna taýardyklaryny nygtap, “Ukraina, eksport üçin Türkiýeden we BMG-dan habara garaşýar” diýdi.

Wladimir Zelenskiý, galla eksportynyň amala aşyryljak 3 portundan biri bolan Çernomorsk portuna baryp, galla eksporty üçin görülýän taýarlyklar bilen ýakyndan tanyşdy.

Türkiýe we BMG bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýdan Zelenskiý, “Galla eksportuna başlamak üçin olardan habara garaşýarys” diýdi.

Ukrain gallasynyň howpsyz ýagdaýda deňiz ýoly arkaly daşalmagy üçin 22-nji iýulda Stambul şäherinde Dolmabahçe köşgünde, Prezident R. T. Erdoganyň we BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda Ukraina bilen Russiýa “Galla ylalaşygyna” gol çekişipdi.

 

 



Degişli Habarlar