Somalide iki aýry bombaly hüjüm guraldy

Somaliniň Aşakgy Şabel sebitinde düýn guralan 2 aýry bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 20 adama ýetdi

1860649
Somalide iki aýry bombaly hüjüm guraldy

Merka şäheriniň resmisi hökümediň agzalarynyň nyşana alynyp guralan kamikaze hüjüminde aralarynda Merka şäheriniň häkimi Abdullahi Ali Wafowyň hem bolan jemi 13 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Resmi hüjümde şeýle hem köp sanda adamyň ýaralanandygyny we hassahanada bejergi astyna alynandygyny aýan etdi. 

Afgoýe şäherinde ýerleşýän gelim-gidimli mal bazarynda bolan partlamada hem ýogalanlaryň sany 7 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 14 adama ýetdi. 

Terror guramasy Aş-Şebab Merka şäherinde guralan kamikaz hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. 

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýe Somaliniň Afgoýe we Merka şäherlerinde guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýagdaýda ýazgardy. 

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ady agzalan hüjümlerde aralarynda resmi ýolbaşçylar we asuda halk bolan köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi.

Beýanatda: "Bu elhenç terrorçylykly hüjümleri berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýogalanlaryň dogan-garyndaşlary bilen birlikde dostlukly we doganlyk Somaliniň hökümedine we halkyna gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar