Germaniýada Ýaş Ilatyň Sany Azalýar

Germaniýada 15-24 ýaş aralygyndaky ilatyň sanynyň 1950-nji ýyldan bäri iň aşak çäge düşendigi habar berildi.

1859607
Germaniýada Ýaş Ilatyň Sany Azalýar

Federal Hasabat guramasynyň beren beýanatynda 8,2 million adamyň 15-24 ýaş toparyna degişlidigi, şol ýaşdaky raýatlaryň jemi ilatyň 10 göterimine barabardygy mälim edildi.

Germaniýada jemi ilatyň 83,2 milliona barabardygyna üns çekilýän beýannamada, emma 15-24 ýaş aralygyndaky ilatyň sanynyň 1950-nji ýyldan bäri hem san hem-de mukdar taýdan iň aşak çäge düşendigi habar berildi.

Demografik gurluşyň welaýatlaryň arasynda tapawutlanýandygyna üns çekilýän beýannamada, Bremende ilatyň 11 göterimi 15-24 ýaş aralygynda bolsa, şol mukdaryň Branderburgda 8 we Saksoniýa-Anhalt bilen Meklenburg-Worpommernde 8,3 göterime barabardygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar