Braziliýada polisiýa gullugy jenaýatçy toparlara garşy operasiýa geçirdi

Şol etrapçada 24-nji maýda geçirilen operasiýada bolsa toparyň 11 agzasy öldürilipdi

1858237
Braziliýada polisiýa gullugy jenaýatçy toparlara garşy operasiýa geçirdi

Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde howpsuzlyk güýçleriniň jenaýatçy toparlara garşy guran operasiýalarynda 18 adam ýogaldy. 

Ýurduň metbugatynda berilen habarlara görä, Rio de Žaneýro şäheriniň demirgazygyndaky "Fawela" diýip atlandyrylýan etrapçada, howpsuzlyk güýçleri operasiýa geçirdi. 

Resmiler operasiýada häzirki wagta çenli jenaýatçy toparlaryň 18 agzasynyň öldürilendigini mälim etdiler. 

Şol etrapçada 24-nji maýda geçirilen operasiýada bolsa toparyň 11 agzasy öldürilipdi. 



Degişli Habarlar