Gollandiýa, Ukrainaly Esgerlere Harby Tälim Berer

Gollandiýa, ukrainaly 10 müň esgere 4 hepde möhlet bilen harby tälim berer

1855676
Gollandiýa, Ukrainaly Esgerlere Harby Tälim Berer

Gollandiýanyň harby goşunynyň, awgust aýyndan başlap ukrainaly esgerlere Britaniýada harby tälim berjekdigi habar berildi.

Gollandiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ukrainaly 10 müň esgere 4 hepde möhlet bilen harby tälim beriljekdigi nygtaldy.

Beýannamada, Britaniýada şu hepde başlan harby we ilkinji kömek tälimlerine Gollandiýanyň harby goşunynyň hem awgust aýynyň başyndan başlap degişli boljakdygy bellenildi.

Gollandiýanyň harby goşuny tarapyndan ukrainaly esgere beriljek harby tälimiň toparlar görnüşünde 3-4 aýda tamamlanmagyna garaşylýandygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar