ABŞ-da Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabarada ýaragly hüjüm guraldy
ABŞ-nyň Illinoýs ştatynda, 4-nji iýul Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabarada guralan ýaragly hüjümde 6 adam ýogaldy, 24 adam ýaralandy
Highland Park sebitiniň şefi Lu Džogmen Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabarada guralan ýaragly hüjümde 6 adamyň ýogalandygyny, ýaralanan 24 adamyň bolsa hassahanalarda bejergi astyna alynandygyny mälim etdi.
Lu Džogmen media beren beýanatynda, şübhe astynda bolan adamyň şahsyýetiniň anyklanmagyndan soň polisiýa gullugy tarapyndan başladylan gözleg işleriniň netijesinde saklanandygyny habar berdi.
Şoňa laýyklykda polisiýa gullugynyň işgärleriniň wakanyň başdan geçirilen ýerinden takmynan 8 km demirgazygynda ulagyny saklan hüjümçi, 22 ýaşly amerikanyň raýaty gysga wagt soň göz tussaglygyna alyndy.
Degişli Habarlar
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo basyp aldy
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo ýaşaýyş zolagyny ele geçirendiklerini habar berdi
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Borrel,Palestinany ykrar etjek Ýewropa ýurtlary hakynda durup geçdi.