Iordaniýada zäherli gaz sebäpli 12 adam ýogaldy

Iordaniýanyň Akabe portynda ýük ýüklenýän mahaly agdarylan tankyň partlamagy netijesinde çykan zäherli gaz sebäpli 12 adam ýogaldy, 260 adam ýaralandy

1848989
Iordaniýada zäherli gaz sebäpli 12 adam ýogaldy

Iordaniýanyň Milli howpsuzlyk we krizis dolanşyk merkezinden berilen ýazmaça beýanatda, Akabe portynda içinde zäherli gaz bolan tanklaryň biriniň ýere gaçmagy netijesinde gazyň syzandygy mälim edildi. 

Beýanatda wakada aralarynda Iordaniýanyň we daşary ýurtly raýatlaryň hem bolan jemi 12 adamyň ýogalandygy, 260 adamyň ýaralanandygy, şolaryň 123-siniň bolsa hassahanalarda bejergi astyna alynandygy aýan edildi. 

Portdaky wakadan soň raýat goranyş edarasynyň hünärmenleriniň hadysanyň başdan geçirilen ýerinde derňew işlerini geçirendikleri, partlamadan soň sebitiň dolulygyna boşadylandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar