Germaniýada Gaz Ýetmezçiligi Artýar

Bu barasynda Germaniýanyň Ykdysadyýet we daşky gurşawy goramakdan jogapkär ministri Robert Habek beýannama berdi.

1847412
Germaniýada Gaz Ýetmezçiligi Artýar

Germaniýanyň Ykdysadyýet we daşky gurşawy goramakdan jogapkär ministri Robert Habek “gaz ýetmezçiligini” başdan geçirýändiklerini beýan edip, ýurdunyň 3 tapgyrly Gaz boýunça adatdan daşary ýagdaý maksatnamasynyň 2-nji tapgyry bolan “duýduryş” derejesine geçilendigini aýtdy.

Habek paýtagt Berlinde geçiren metbugat ýygnagynda nemes hökümetiniň tebigy gaz üpjünçiliginde ýüze çykmagy ähtimal ýetmezçilik boýunça taýýarlyklaryň dowam edýändigini nygtady.

Tebigy gazda üpjünçilik howpsuzlygy üçin “duýduryş” derjesiniň güýje girizilendigini aýdan Habek, onuň rus gazynyň dolulygyna kesilmegine garşy görülýän çarelere degişlidigini beýan etdi.

Habek gazyň häzirki wagtda bazardan alynyp, ammarlanýandygyna garamazdan şertleriň “agyrdygyny” nygtap; “Biz häzir duýmaýan hem bolsak, gaz ýetmezçiligini başdan geçirýäris” diýdi.

Hökümetiň “duýduryş” derejesiniň güýje girizilmeginde 14-nji iýundan bäri Russiýadan gaz üpjünçiliginiň kesilmeginiň we tebigy gaz bazarynda nyrhlaryň ýokarlamaga dowam etmeginiň täsiri bar.

Germaniýanyň Gaz boýunça adatdan daşary ýagdaý maksatnamasy önünden duýduryş, duýduryş we adatdan daşary ýagdaý ýaly üç tapgyrdan ybarat hem-de tapgyrlara görä bazarda görüljek çäreleri özünde jemleýär.

Gazprom Demirgazyk Akym turba geçirijisine akdyryljak gazyň mukdarynyň 16-njy iýundan başlap günlük 67 million m3-a çenli mümkin boljakdygyny beýan edipdi.

 



Degişli Habarlar