Russiýada SU-25 kysymly uçar ýere gaçdy

Russiýanyň Rostow sebitinde SU-25 kysymly harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany ýogaldy

1846694
Russiýada SU-25 kysymly uçar ýere gaçdy

Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Günorta Harby zolagynyň metbugat merkezinden berilen beýanatda, meýilleşdirilen tälim uçuşyny amala aşyran SU-25 kysymly harby uçaryň ýere gaçandygy mälim edildi. 

Uçarmanyň ýogalandygy bellenen beýanatda: "Uçar ok-därisiz amala aşyryldy. Uçar boş ýere gaçdy. Hiç hili zyýan ýok" diýip habar berildi. 

Ilkinji kesgitlemelere görä uçaryň tehniki näsazlyk sebäpli ýere gaçandygy bellenip, Russiýanyň Howa we kosmos güýçlerinden bir komissiýanyň wakanyň bolan ýerinde derňew geçirýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar