ÝB-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty şu gün geçiriler

ÝB-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty şu gün azyk we energiýa howpsuzlygy güntertibi bilen geçiriler

1845391
ÝB-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahaty şu gün geçiriler

ÝB-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri 23-24-nji iýun aralygynda geçiriljek ÝB-ne agza ýurtlaryň Liderler sammitinden ozal Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde jemlenişerler. 

ÝB-niň ýokary derejeli resmileriniň biri, maslahatyň güntertibinde Ukraina söweşiniň, esasan hem azyk we energiýa howpsuzlygy bolmak bilen olaryň global derejedäki täsirleri bolar. 

Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainada galan millionlarça tonnalyk galla önümleriniň eksporty üçin, krizisiň täsir ýetirjek ilatyň ululygy göz öňünde tutulyp Belarussiýa bilen birlikde biri-birinden talawutly alternatiwalaryň gözden geçirilýändigini aýdan resmi, iň gowy ýoluň Gara deňizdigini beýan etdi. 

Resmi maslahatda energiýa howpsuzlygy taýdan Pars aýlagy ýurtlary bilen ozaldan bar bolan oňyn gatnaşyklaryň ele alynjakdygyny, emma Russiýanyň döredýän howpuň esasynda şol gatnaşyklaryň has hem özgerdilmeginiň maslahatlaşyljakdygyny aýan etdi. 

Resmi ministrleriň soňky sammitde kabul edilen 6-njy sanksiýa bukjasyny ele aljakdyklaryny, täze sanksiýa bukjasyna taýarlyk görülmeýändigini habar berdi. 


Etiketkalar: #energiýa , #azyk , #Ukraina , #maslahat , #ÝB

Degişli Habarlar