Germaniýanyň Federal Kansleri ÝB-niň özüni giňeltmäge taýar bolmalydygyny habar berdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Ýewropa Bileleşiginiň özüni giňeltmäge taýar bolmalydygyny habar berdi

1845321
Germaniýanyň Federal Kansleri ÝB-niň özüni giňeltmäge taýar bolmalydygyny habar berdi

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Germaniýanyň Habarlar agentligine beren beýanatynda, ÝB-niň Russiýa-Ukraina söweşiniň başyndna bäri Ukrainany bilelikde we tutanýerli ýagdaýda goldandygyny belläp, ÝB-niň bu birlik ruhunyň içinde hereket etmäge dowam etmegini isledi. 

Ukraina ÝB-ne dalaşgärlik statusynyň berilmegi bilen bagly soraga Olaf Şols, ÝB-ne barýan ýoluň ýeňil bolmandygyny we şol ýola çykmak isleýän her bir dalaşgäriň ençeme şerti ýerine ýetirmeginiň gerekdigini beýan etdi. 

Olaf Şols ÝB tarapyndan dalaşgär ýurtlara öňe gidişlik edilendigi bilen bagly anyk zatlaryň hödürlenmeginiň hem möhümdigini belläp: "Ýogsam ýurtlarda dalaşgärlik statusynyň hiç bir nokada alyp gitmeýändigi duýgusy dörär. Günbatar Balkanlardaky ýurtlara çynlakaý çemeleşýändigimizi görkezmelidiris. Albaniýa we Demirgazyk Makedoniýa ÝB-ne agza bolmak üçin çürt-kesik gepleşiklere başlamak üçin ähli şertleri ýerine ýetirýär. Şol gepleşikler indi başlamaly" diýip mälim etdi. 

Ýewropa Bileleşiginiň özüni giňeltmäge taýar bolmalydygyny aýdan Olaf Şols: "ÝB giňelmäge özüni taýarlamaly. Şol sebäpli gurluşlaryny we karar kabul etmek tapgyrlaryny döwrebaplaşdyrmaly" diýip aýan etdi. 

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, dünýädäki azyk krizisi bilen baglanşykly bolsa, bu meselede global raýdaşlyga mätäçligiň bardygyna we BMG-nyň Baş sekretarynyň Ukrainanyň galla önümleri üçin eksport koridorlaryny açmak bilen bagly tagallalaryny goldaýandyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar