“Ukraina Bilen Russiýanyň Arasyndaky Wyzasyz Syýahat Ulgamy Bes Ediler”

Zelenskiý, rus raýatlary üçin 1-nji iýuldan başlap wyza düzgüniniň giriziljekdigini belledi.

1845047
“Ukraina Bilen Russiýanyň Arasyndaky Wyzasyz Syýahat Ulgamy Bes Ediler”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus raýatlary üçin wyza düzgüniniň giriziljekdigini aýtdy

Zelenskiý, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky wyzasyz syýahat ulgamy hakynda beýannama berdi.

Wyzasyz syýahat ulgamynyň bes ediljekdigini aýdan Zelenskiý, “Ukraina, rus raýatlary üçin wyza düzgüni giriziler. Döwletimiziň milli howpsyzlygyna, özygtyýarlygyna we bitewiligine abanýan howplara garşy alnyp barylýan göreşiň çäginde Ministrler kabinetine Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky wyzasyz syýahat ulgamynyň bes edilmegini teklip etdim we degişli kararyň kabul edilmegine garaşýarys” diýdi.

Zelenskiý, rus raýatlary üçin 1-nji iýuldan başlap wyza düzgüniniň giriziljekdigini belledi.

 

 

 


Etiketkalar: #wyza , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar