Ukraina Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada beýannama berdi

Ukraina özüne garşy söweş başladan Russiýanyň soňky 24 sagatda ýene-de 140 esgerinden, söweşiň başlamagyndan bäri bolsa jemi 31 müň 500 esgerinden mahrum bolandygyny habar berdi

1839805
Ukraina Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-8-nji iýun aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy söweş başladan Russiýanyň soňky 24 sagatda 140 esgeri öldürildi, 6 uçarmansyz howa ulagyndan, 1 dikuçaryndan, 3 taňkyndan, 9 topundan we 13 sowutly ulagyndan mahrum boldy. 

Söweşiň başlamagyndan bäri bolsa ruslara degişli 31 müň 500 esger öldürildi, 212 uçar, 178 dikuçar, 1393 taňk, 3 müň 429 sowutly ulag, 703 top, 213 raketa ulgamy we 96 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 406 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 559 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 125 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Beýanatda mundan başgada Sewerodonetsk ugrunda çaknyşyklaryň dowam edýändigi, Slawýansk ugrunda taktiki ýagdaýyny kadalaşdyrmak üçin hüjümlerini dowam etdirýän Russiýanyň harby birikmeleriniň iň köp ýitgini şol sebitde çekendigi aýan edildi. 

Russiýanyň goşunynyň Bahmutsk ugrunda ýaşaýyş zolaklaryna uzak aralykdan od açmaga dowam edýändgi, Harkow ugrunda bolsa basyp alan ýerlerini elinde tutmaga synanyşýandygy beýan edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar