Mahmud Abbas Bilen Entoni Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Abbas, Blinkene halkara hukuk kadalaryna äsgermezçilik edýän Ysraýyla garşy görüljek çäreler hakynda maglumat berdi.

1835846
Mahmud Abbas Bilen Entoni Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Abbas telefon söhbetdeşliginde, Blinkene halkara hukuk kadalaryna äsgermezçilik edýän Ysraýyla garşy görüljek çäreler hakynda maglumat berdi.

Ysraýylyň esasan Iýerusalimde bir taraply tutumyny dowam etdirýändigini aýdan Abbas, ýehudi ýaşaýjylarynyň Aksa metjidine guraýan hüjümlerini gürrüň berdi.

Abbas, Palestina Azat edijilik guramasynyň ABŞ-nyň terror guramalary sanawyndan çykarylmalydygyny we Gündogar Iýerusalimde ABŞ-nyň Konsullygynyň ýaňadandan açylmalydygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken hem, Prezident Jo Baýdenin iki döwletli çözgüde goldaw berýändigini nygtady.

ABŞ-nyň Iýerusalimdäki konsullygynyň ýaňadandan açyljakdygyny nygtan Blinken, Baýdeniň sebite gurajak saparynyň öňüsyrasynda ýokary derejeli toparyň geljekdigini we bu meseleleri ara alyp maslahatlaşjakdygyny belledi.

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp döwründe 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Iýerusalimdäki konsullygy ýapylypdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň üstümizdäki aýyň ahyrynda Ysraýyla we Palestina sapar guramasyna garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar