Ukraina Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-25-nji maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

1832359
Ukraina Russiýanyň goşunynyň söweşdäki harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 100 esgerinden, 1 uçaryndan, 11 uçarmansyz howa ulagyndan, 3 taňkdan we 19 sowutly ulagyndan mahrum boldy.

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 29 müň 450 esger öldürildi, ruslara degişli 206 uçar, 170 dikuçar, 1305 taňk, 3 müň 213 sowutly ulag, 606 top, 201 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 2 müň 218 ulagyny, 13 gämi we ýokary tizlikli katerini we 491 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 112 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Beýanatda mundan başgada Russiýanyň goşunynyň ýurdyň gündogaryndaky gury ýer operasiýalarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen howadan guraýan hüjümlerini artdyrandygy mälim edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar