Russiýa Belarus Serhedinde Raketa Ulgamyny Ornaşdyrdy

“Hüjümçi, Iskender-M kysymly taktiki raketa ulgamlaryny Ukrainanyň döwlet serhedinde 50 kilometr alysda ýerleşýän Belarusyň Brest serhedine ornaşdyrdy”

1831691
Russiýa Belarus Serhedinde Raketa Ulgamyny Ornaşdyrdy

 

Ukraina, Belarus serhedinden 50 kilometr alysda ýerleşýän Brest sebitine, Russiýa tarapyndan Iskender-M kysymly taktiki raketa ulgamynyň ornaşdyrlandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berlen beýannamada, söweşiň 90-njy gününde Belarus serhedinden Ukraina abanýan raketa we howa hüjümi howpynyň artandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Hüjümçi, Iskender-M kysymly taktiki raketa ulgamlaryny Ukrainanyň döwlet serhedinde 50 kilometr alysda ýerleşýän Belarusyň Brest serhedine ornaşdyrdy” diýildi.

Beýannamada, ýurduň gündogarynda hem çaknyşyklaryň dowam edýändigi, soňky 24 sagatda Ukrainanyň harby goşuny tarapyndan Donesk we Lugansk sebitlerinde duşmanyň 16 hüjüminiň yza serpikdirlendigi we 8 tank bilen 22 sowutly ulagyň hatardan çykarlandygy ýatladyldy.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berlen başga bir beýannamada bolsa, fewral aýynyň 24-i bilen maý aýynyň 24-i aralygynda rus goşunynyň söweşde çeken ýitgisi hakynda maglumat berildi.

Beýannama görä, Ukrainada 29 müň 350 rus esgeri öldürildi.

205 uçari 170 dikuçar, 1302 tank, 3 müň 194 sowutly ulag, 112 raketa, 606 raketa ulgamy we 93 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy.

Rus güýçlerine degişli 2 müň 213 ulag we 13 gämi bilen 480 sany uçarmansyz howa ulagy hatardan çykaryldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan 25-nji martda berlen beýannamada, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy nygtalypdy.

 

 



Degişli Habarlar