Yrakda Çägeli Tupan Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirmäge Dowam Edýär

Ministrler kabineti hem çägeli tupan sebäpli ýurtda resmi dynç alyşygyň yglan edilendigini habar berdi.

1830561
Yrakda Çägeli Tupan Gündelik Durmuşa Ýaramaz Täsirini Ýetirmäge Dowam Edýär

Yrakda düýn agşamara başlan çägeli tupan sebäpli resmi dynç alyş yglan edildi.

Ulaglar ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, görüş aralygynyň 100 metrden aşaklamagyna sebäp bolan çägeli tupan sebäpli ähli howa menzillerinde uçar saparlarynyň saklanandygy nygtaldy.

Beýannamada 48 sagadyň dowamynda dem gysma kesellileriniň daşary çykmazlyklary barada duýduryş berildi.

Ministrler kabineti hem çägeli tupan sebäpli ýurtda resmi dynç alyşygyň yglan edilendigini habar berdi.

Bilim ministrligi hem mekdeplerde okuwlara bir günlük arakesme berlendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar