Eýranda zamun krizisi başdan geçirildi
Eýranyň Iýlam şäherinde Mustazaflar gaznasynyň ozalky işgäri sebäpli bolan zamun krizisinde 4 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy
1828908

Tasnim habarlar agentligine beýannama beren Iýlam welaýatynyň Içeri işler edarasynyň müdüriniň orunbasary Ferzad Ýasemi: “Mustazaflar gaznasynda ozal işlän we işinden çykarylan bir adam, şu gün irden gaznanyň işgärlerini zamun aldy. Hüjümçi od açyp 3 adamy öldürdi, 5 adamy ýaralady. Hüjümçi soň bolsa öz janyna kast etdi” diýip habar berdi.
Eýranly resmiler ýaralanan adamlaryň käbirleriniň saglyk ýagdaýyny agyrdygyny bellediler.
Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe degişli Mustazaflar gaznasy gozgalmaýan emläk, bank, ätiýaçlandyryş ýaly söwda we ykdysady işler boýunça iş alyp barýar.
Degişli Habarlar

NATO-nyň Liderler maslahaty başlady
NATO-nyň Liderler maslahaty Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde öz işine başlady