Emmanuel Makron Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Makron bilen Zelenskiý Ukraina ynsanperwer we ýarag kömeginiň berilmegi bilen birlikde ÝB-ne agzalyk etaby hakynda pikir alyşdy.

1828803
Emmanuel Makron Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Fransiýa tarapyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde, Ukraina ynsanperwer we ýarag kömeginiň berilmegi bilen birlikde ÝB-ne agzalyk etaby hakynda pikir alyşdy.

Makron, Wladimir Zelenskiden, Mariupol şäherindäki soňky ýagdaý we göçürilşik işleri hakynda maglumat aldy.

Emmanuel Makron ýurdunyň goranyş enjamlary, ýangyç, ynsanperwer kömegi bilen birlikde maliýe taýdan Ukraina doly goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekdi.

Makron bilen Zelenskiý “azyk howpsyzlygy” meselesi we şol çäkde galla önümleriniň Ukrainadan eksport edilmäge başlanmagy meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýurdunyň Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

 

 

 



Degişli Habarlar